TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Türkmenistan – Russiýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Şu günler Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynda saparda bolýar. Şol saparyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri Gurbangül Ataýewa bilen Russiýa Federasiýasynyň ylym we ýokary bilim ministri Waleriý Falkow bilen duşuşdy. Duşuşygyň netijeleri boýunça 2022-2023-nji ýyl boýunça türkmen-rus iş toparynyň hereket meýilnamasyna gol çekildi. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrligi Türkmenistan bilen bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berýär. Hususan-da, ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli türkmen hünärmenlerini taýýarlamak üçin işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň 30 müňden gowrak raýaty Russiýanyň uniwersitetlerinde okaýar, şolardan 4 müňden gowragy býujet esasynda bilim alýar. Şu ýyl kabul ediş kampaniýasynyň netijelerine görä, Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň kwotasy boýunça Türkmenistanyň 385 raýaty uniwersitetlere kabul edildi.

Waleriý Falkow: “Biz Russiýanyň uniwersitetlerine berilýän ünsi diýseň gowy görýäris we Türkmenistanyň raýatlary üçin kwota sanyny yzygiderli artdyrarys we dowam etdireris” -diýdi.

Şeýle hem ministr Türkmenistanda bilelikdäki uniwersitet döretmek meselesine aýratyn ünsi çekdi. Şu ýyl ministrlige bu başlangyç bilen türkmen tarapdan hat gelip, Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrligi bu taslamany durmuşa geçirmek üçin hereket meýilnamasyny taýýarlady.

“Türkmen tarapy geljekki uniwersitetde tehniki we lukmançylyk hünärmenlerini taýýarlamaga gyzyklanma bildirdi. Rus standartlaryna laýyklykda bilim maksatnamalarynyň rus-türkmen uniwersitetinde durmuşa geçiriljekdigi sebäpli kärdeşlerimize hünärleriň we ýokary bilim ugurlarynyň sanawyny iberdik “-diýip, rus ministri belledi.

Rus tarapy, bilelikdäki uniwersitetiň döredilmegi we hereket etmegi üçin hökümetara şertnamanyň taslamasyny eýýäm taýýarlady.

Türkmenistanyň bilim ministri hem öz gezeginde Russiýa bilen hyzmatdaşlyga möhüm üns berilýän milli bilim pudagyny ösdürmek üçin Türkmenistanda uly göwrümli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

“Türkmen ýaşlarynyň arasynda rus biliminiň meşhurlygy yzygiderli ýokary derejede galýar. Häzirki wagtda biziň üçin aýratyn bir möhüm ugur, sanlylaşdyrmak we kiberhowpsuzlyk pudagynda işgärleri taýýarlamak meselesidir. Bu nukdaýnazardan, rus kärdeşlerimiziň tejribesini öwrenmek isleýäris we muny hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan bölegi hökmünde görkezmäge we aýratyn ýol kartasyny düzmäge garaşýarys “-diýip türkmen ministri belledi.

Şeýle hem, rus dilini öwrenmek, rus uniwersitetlerinde mugallymlar üçin tejribe guramak ýaly hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky teklipleri aýtdy.

Waleriý Falkow bu teklipleriň iş toparynyň garamagyna hödürlenjekdigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda ministrler türkmen-rus iş toparynyň şu ýyl we indiki ýyl üçin alyp barýan işleri üçin meýilnama gol çekdiler.

Ýene-de okaň

Ýaşlar forumy: möhüm kararlar kabul edildi, sylaglar gowşuryldy

Amerikada uniwersitet okamak üçin ilkinji ädim :Prep4Success maksatnamasy

Baş Redaktor

Amerikada gysga wagtlyk okuw :çeper eser, drama, goşgy, ssenariýa ýazyjylary

Baş Redaktor

Teswirle