TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan Parlamentara bileleşigiň 13-nji sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary hem-de deputatlary Parlamentara bileleşigiň agzasy bolan ýurtlaryň parlamentleriniň zenan ýolbaşçylarynyň 13-nji sammitine gatnaşdylar. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen iki günlük forum Parlamentara bileleşik tarapyndan Awstriýanyň parlamenti hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guraldy.

Forumyň gün tertibine gender deňligi, zenanlaryň ykdysady, durmuş, medeni hukuklaryny we maliýe mümkinçiliklerini giňeltmek, COVID-19 pandemiýasynyň durmuş-ykdysady täsirini azaltmak boýunça ýurtlaryň özara gatnaşyklary bilen bagly meseleler girizildi.

Türkmen tarapynyň wekilleri halkara we parlamentara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler. Gender deňligi, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, mümkinçilikleri çäkli adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, ýaşlar syýasaty we beýleki ugurlarda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Forumyň barşynda parlamentara hyzmatdaşlygyň orny hem-de wezipeleri barada-da pikir alşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berip, bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmalydygyny bellediler, munuň özi durnukly ösüş ulgamynda ählumumy meseleleri çözmegiň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamaga ýardam berer.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Azerbaýjanyň Eýrandaky ilçihanasyna edilen hüjümi ýazgardy

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini sapar bilen gelmäge çagyrdy

Ata Watan Eserleri

Dalaşgärleri hödürlemek möwsümi başlady

Teswirle