TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan Pakistana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp hem-de Pakistan Yslam Respublikasynda bolup geçýän tebigy betbagtçylyklaryň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we uly möçberli weýrançylyklara getirendigini nazara alyp, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda dostlukly Pakistan halkyna ynsanperwer kömegini ibermek maksady bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, harytlary hem-de azyk önümlerini ynsanperwer kömek hökmünde Pakistan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermäge borçly edildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Daşary işler ministrligine 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Pakistan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömeginiň iberilmegini we gowşurylmagyny guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä hem-de bu döwletiň Premýer-ministri Miýan Muhammed Şahbaz Şerife ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine, uly möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberipdi.

Ýene-de okaň

Prezident Ärdogan: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyza ösdürmäge taýýardyrys

Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar

Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi: hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça maglumat

Teswirle