Türkmenistanyň, Owganystanyň we Pakistanyň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji taslamasy boýunça ministrler derejesinde üçtaraplaýyn duşuşyk geçiriler. Bu barada Owganystanyň Energetika we suw serişdelerini ministrligi habar berdi.
Ministrligiň beren maglumatyna görä, Owganystanyň Energetika we suw serişdelerini ministrliginde Türkmenistanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Oňa Owganystanyň energetika we suw serişdelerini ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Mulla Abdul Latif Mansur türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Myrat Artykow bilen duşuşdy. Duşuşyga Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow, Owganystanyň milli energetika kompaniýasynyň (DABS) başlygy Mulla Muhammad Hanif Hamza, Owganystanyň energetika ministriniň orunbasary Mulla Abdul Kahir Idris, Hyratyň gubernatory Al-Hidis Maulan Nur Admad Islamjar we beýlekileri gatnaşdy.
Taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji taslamasy hem-de Nur ul-Jihad podstansiýasynyň gurluşygy barada pikir alyşdylar.
Agzalyp geçilýän taslamalar boýunça iki ýurduň tehniki toparlayrnyň işini utgaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi.