JEMGYÝET

Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan: ygtyýarly ykdysady operatorlar ykrar ediler

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygyň Halkara ulag diplomatiýa merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk, jenap Runowyň şu ýylyň 26-27-nji noýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahatyna hem-de Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde guraldy. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň esasy mowzugy Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda Ygtyýarly Ykdysady Operatorlary özara ykrar etmek hakynda üç taraplaýyn Ähtnamany baglaşmak meselesine bagyşlandy. Bellenilişi ýaly, bu sebitleýin resminamanyň bu döwletleriň üstünden geçýän ulag-üstaşyr geçelgäniň ösdürilmegine oňyn täsirni getirer.

Türkmen tarapyndan, Ygtyýarly Ykdysady Operatorlary maksatnamasynyň hukuk esasynyň 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda kabul edilendigi we bu maksatnamany doly iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça işleriň geçirilýändigi habar berildi. Şeýle-de Ygtyýarly Ykdysady Operatorlary özara ykrar etmek babatda ikitaraplaýyn taslamalaryň işlenilýändigi, şunuň bilen baglylykda üç taraplaýyn sebitleýin taslama gyzyklanma bildirildi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana geler

Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa – Hytaý” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň mejlisini Türkmenistanda geçirmegi teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar Geňeşini “Ýaşulular Geňeşi” diýip atlandyrmagy teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar Geňeşiniň öz neşirini döretmek başlangyjyny öňe sürdi