TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen Parlamentara Geňeşe agza döwletleriň zenan parlament ýolbaşçylarynyň 14-nji sammitine gatnaşýar.

Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň Oliý Mažlisiniň Senagtynyň başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Özbegistanyň Senatynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Duşuşygyň barşynda parlamentara dialogyň ýurtlaryň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary we strategiki hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin möhüm platforma öwrülendigi bellenildi.

Taraplar iki ýurduň parlamentlerinde döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işine ünsi jemlediler. Gepleşikleriň dowamynda ýurtlarymyzyň arasyndaky dürli ugurlarda hyzmatdaşlyga, parlament komitetleriniň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen ylalaşyklary kanuny taýdan goldamak barada pikir alyşma geçirildi.

Mundan başga-da, taraplar syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwerlik ugurlarynda, şeýle hem gender deňligi, bilim we jemgyýetçilik goragy babatynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has giňeltmegiň zerurdygyny bellediler.

Şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowany kabul etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana boljak döwlet sapary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt döwlet Baştutanlaryny gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Teswirle