TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan-Özbegistan: haryt dolanyşygy 2 milliard dollara ýetiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Özbegistanda saparda bolýar. Türkmen wekiliýetiniň agzalary Özbegistanyň maýa goýumwe daşary söwda ministri Jamşid Hojaýew bilen duşuşdy. Bu barada özbek neşirleri habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda 2022-2025-nji ýyllarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we senagat korporasiýasyny ösdürmegiň maksatnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilip geçilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen ýyl 67 göterim artyp, 902 million dollara deň boldy. Üstümizdäki ýylda hem bu görkeziji 6 aýda 9 göterim artyp, 486 million dollara barabar boldy.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyny ýakyn geljekde 2 milliard dollara çenli ýetirmegiň möhümdigini bellediler.

Şeýle hem şu ýylyň ahyryna çenli türkmen-özbek hökümetara toparynyň 17-nji mejlisini geçirmek babatda pikir alyşdylar.

Taraplar dokma senagaty, derman önümçiligi, gurluşyk we oba hojalyk pudaklarynda bilelikdäki taslamalary artdyrmak babatda ylalaşdylar. Şeýle hem bilelikde ýeňil awtoulaglary we oba hojalyk tehnikalaryny öndürmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Mundan başga-da, Türkmenistanda hojalyk harytlaryny bilelikde öndürmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Wekiliýetler ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn ähmiýet berip, deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

 

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle