Şu gün Aşgabatdaky «Daşkent» dynç alyş seýilgähinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi.
Onuň açylyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarow çykyş etdi.

Olar öz çykyşlarynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Özbegistan Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda geçirilen dabara «Ýaşasyn türkmen-özbek dostlugy!» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy.
Baýramçylyk çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň at gazanan artistleri, ýurdumyzyň sungat işgärleri türkmen, özbek dillerinde iki ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklaryny mynasyp wasp etdiler. Iki milletiň halk döredijiliginden parçalar, meşhur aýdymdyr goşgular ýerine ýetirildi.
Özbek milli egin-eşiklerini geýen türkmen gyzlarynyň ajaýyp tanslary konsertiň dabarasyny has-da artdyrdy.
Şeýle hem dabaranyň çäginde çagajyklar dynç alyş seýilgähiniň oýun meýdançalarynda şadyýan wagt geçirdiler.
Baýramçylyk dabarasynyň çäginde oňa gatnaşyjylara özbek milli tagamlary hödür edildi.