BIZNES

Türkmenistan-Özbegistan: 23 ylalaşyga gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýlek-de pugtalandyrylmagyna goşant goşýan köp sanly resminamalara gol çekildi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň Prezidenti Bilelikdäki beýanata gol çekdiler. Bu resminamada türkmen-özbek strategiki hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegi uly ugurlaryny kesgitleýär.

Şeýle hem iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda iki ýurduň hökümet wekilleri tarapyndan hem köp sanly ylalaşyklara gol çekildi.

Olaryň hatarynda:

  • Ýanaşyk ýerlerde söwda merkezini döretmek maksady bilen türkmen-özbeg serhet söwda zolagynyň işini döretmek we düzgünleşdirmek baradaky ylalaşyk:
  • Söwda dolanyşygynyň gerimini giňeltmek we kärhanalar bilen kompaniýalaryň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky ylalaşyk:
  • Gümrük serhedinden daşalýan harytlar we ulaglar barada deslapky maglumatlary alyşmagy guramak baradaky teswirnama bar.

IŞEWÜRLER ÜÇIN WIZA AMALLARY ÝÖNEKEÝLEŞDIRILER

Mundan başga-da, işewür toparlaryň wekilleri üçin wiza amallaryny ýönekeýleşdirmek baradaky şertnama we 2004-nji ýylyň 19-njy noýabryndaky raýatlaryň özara syýahatlary baradaky Ylalaşyga üýtgetmeler girizmek baradaky teswirnama, şübhesiz, iki ýurduň telekeçileri üçin amatly şertleri döreder.

Bulardan başga-da, ulag, üstaşyr ýük daşamak, suw tygşytlaýyş tehnologiýalary, şeýle hem adalat, durmuş goraglylygy, statistika, karantin we ösümlikleri goramak, ylym we medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin möhüm resminamalara gol çekildi.

Umuman alanyňda, saparyň dowamynda köptaraply türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan 23 resminama gol çekildi.

 

Türkmenistan-Özbegistan: Sebitleriň forumy dörediler

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 40 milliard 230 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşy

Eýranda 1.7 million awtoulag öndüriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň ikinji duşuşygy

Türkmenistanda “akylly” gaz hasaplaýjy enjamlary gurnalar

“Sanly karz” ulgamy hyzmaty ornaşdyrylýar