TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistan Owganystanda ulag we aragatnaşyk taslamalaryny amala aşyrdy

Türkmenistan tarapyndan Owganystanyň ulag we aragatnaşyk düzümini gowulandyrmak maksady bilen birnäçe möhüm halkara taslamalaryny amala aşyrdy. Olaryň hatarynda Akina-Andhoý demirýol şahasy, Ymamnazar-Akina we Serhetabat-Turgundy halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy bar. Bu taslamalary ulanmaga bermek babatda Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde hasabat berildi.

Hasabatdan görnüşi ýaly, Owganystan Yslam Respublikasynda Akina-Andhoý beketleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demirýol şahasy, kuwwaty 500 kilowat, uzynlygy 153 kilometre barabar bolan Kerki-Andhoý elektrik aragatnaşyk hem-de halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlary, Ymamnazar-Akina we Serhetabat-Turgundy ugurlary boýunça üstaşyr geçelgeler bar.

Lebap welaýatynda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan taslamalaryň meýilnamasy hödürlendi.

Hormatly Preziddentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklara hemişe üns bermek bilen goňşy döwletiň ykdysadyýetiniň dikeldilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigini belledi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň dürli eksport ugurly önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna çykmagyna Akina-Andhoý demirýol şahasynyň hem uly goldaw berjekdigini belledi. Bu taslamalaryň türkmen tarapynyň öz hasabyna amala aşyrandygy hem bellenilip geçildi. Bular barada “Watan” habarlar gepleşiginde aýdylyp geçildi.

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Bitaraplyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly täze möhletli goýum

Awtomobil: Ýygymlaryň möçberleri üýtgedi

Baş Redaktor

Türkmenistan Merkezi Aziýa maýa goýum forumyna gatnaşýar

Teswirle