TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini berdi

Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazary-Şarif ş.) Baş konsullygyň gurnamagynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ynsanperwer kömegi hökmünde Farýab welaýatynyň Garamgol etrabynda gurulyp, 2009-njy ýylyň awgust aýynda ulanyşa berilen Saglyk öýüniň durkunyň Türkmenistan tarapyndan düýpli abatlanyp berilmegi hem-de ynsanperwer kömegi hökmünde medisina enjamlaryň we derman serişdeleriň owgan tarapyna gowşurylmagy bilen bagly dabaraly resmi çäre geçirildi.

Geçirilen dabaraly çärä, Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň başlygy, Farýab welaýatynyň Garamgol, Gorgan, Andhoý we Hançarbag etraplarynyň häkimleri, saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýaşaýjylary hem-de abraýly ýaşulylary gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistan tarapyndan köp ýyllaryň dowamynda Owganystanyň halkyna yzygiderli berilýän dürli ynsanperwer kömekleri üçin çäksiz hoşallyklaryny belläp, owgan halkynyň adyndan Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Şeýle-de, ynsanperwerlik kömegi barada halk köpçüligine giňden ýaýratmak maksady bilen bu dabara Owganystanyň “Milli” teleýaýlymynyň, Owganystandaky türkmen diasporasynyň “Tolqun News” we beýleki ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işjeň gatnaşmaklary gazanyldy.

Bulardan başga-da, dabaraly çäräniň dowamynda Garamgol etrap bilim bölüminiň başlygy Mahmut han Abdylla oglyna, etrabyň mekdeplerinde türkmen dili sapaklarynda gollanma hökmünde peýdalanmaklary maksady bilen 1-4-nji synplar üçin niýetlenen okuw kitaplary gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Halkara guramalar Arkadag şäherine gyzyklanma bildirýär

Baş Redaktor

Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady

Teswirle