TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan Owganystana goňşy ýurtlaryň ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Eýran Yslam Respublikasynda gulluk iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystana goňşy bolan döwletleriň daşary işler ministrleriniň 2-nji duşuşygyna gatnaşdy. Bu formatdaky birinji duşuşyk 8-nji sentýabrda onlaýn tertipde geçirilipdi.

“IRNA” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Tähran şäherinde Eýranyň daşary işler ministri Hoseýn Amir Abdollahiýanyň alyp barmagynda geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen bir hatarda Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow, Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşýi gatnaşdy. Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawros wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.

Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammed Mohber duşuşykda çykyş etdi. Edilen çykyşlarda Owganystanda ähli etniki toparlaryň gatnaşmagynda inklýuziw hökümetiň düzülmeginiň zerur bolup durýandygyny bellediler.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow häzir Owganystanyň hemme zada täzeden başlamaly bolýandygyny belledi.

Şeýle hem Lawrow Owganystanda milli bilim, saglygy goraýyş ulgamy, umuman aýdylanda, Owganystanyň täsirli durmuş-ykdysady infrastrukturasynyň döredilmegi üçin ägirt uly maliýe çykdajylara zerurlyk bolup durýandygyny mälim etdi.

Russiýa umumy tagallalara goşant goşmaga taýýardygyny bellän Lawrow ýakyn wagtda azyk, derman we zerur önümlerden ybarat ynsanperwer kömegini ibermegi meýilleşdirýändiklerini belledi.

Şeýle hem Hytaýyň daşary işler ministri Wan I hem öz wideoýüzlenmesinde Owganystanda ýagdaýyň durnuklaşmagy we owgan halky üçin has gowy durmuşy üpjün etmek babatda Hytaýyň dürli ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmägi dowam etdirýändigini belledi.

 

OPEC: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar

Ýene-de okaň

Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Teswirle