BIZNES

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan: üçtaraplaýyn duşuşyk geçiriler

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirliginiň başlygy Myrat Artykow Owganystanyň energetika we suw serişdeleri ministriniň wezipesine wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mulla Abdul Latif Mansur bilen duşuşdy.

Owganystanyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň habar bermegine görä,  taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisi taslamasyny durmuşa geçirmek hem-de Hyrat şäherindäki Nur-ul-Jihad podstansiýasyny döwrebaplaşdyrmak babatda pikir alyşdylar.

Mulla Abdul Latif Mansur Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisi taslamasyny çalt wagtda durmuşa geçirmek üçin üçtaraplaýyn duşuşyk geçirmegiň möhüm bolup durýandygyny belledi.

Öz gezeginde Artykow hem bu taslama boýunça üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmek teklibini goldady. Türkmen tarapy Owganystanyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň ýolbaşçysyny Türkmenistanyň Owganystan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändigini ynandyrdy.

Bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek barada aýdylanda bolsa, Artykow Nur-ul-Jihad podstansiýasyny döwrebaplaşdyrmak we Hyrat welaýatyna 110 kW güýjenmei elektrik geçiriji liniýasynyň gurluşygy boýunça işleriň indiki gyşa çenli tamamlanjakdygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, awgust aýynda “Türkmenenergo” korporasiýasy bilen Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy arasynda bilelikdäki taslamalar boýunça tehniki toparlaryň duşuşyklary geçirilipdi.

Owgan tarapy sentýabr aýynda bu podstansiýasyny döwrebaplaşdyrmak işine girişdi, ol hem Türkmenistandan satyn alynýan elektrik energiýasyny üpjün etmegiň kuwwatyny artdyrmaga ýardam eder.

Ýene-de okaň

German kompaniýalary bilen Garlyk magdan toplumy boýunça hyzmatdaşlyk etmek meýilleşdirilýär

Türkmen-german işewürlik maslahaty: köp sanly ylalaşyklara gol çekildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Germaniýanyň banklaryny Türkmenistanyň banklary bilen göni gatnaşyklary işjeň ösdürmäge çagyrdy

German kompaniýalary Arkadag şäheriniň taslamalaryna gatnaşmaga çagyryldy

Germaniýaly işewürlere elektroenergetika pudagynda işlemek mümkinçiligine garamagy teklip edildi

Türkmenistan “ADIPEC 2023” sergisine gatnaşar

Ata Watan Eserleri