TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan Owganystan boýunça duşuşyga çagyryldy

Owganystan boýunça Stambulda boljak duşuşyga gatnaşmaga çagyrylýan 21 döwletiň içinde Türkmenistan hem bar.  Bu barada rus metbugat gulluklary habar berýär.

BMG, Türkiýe we Katar tarapyndan gurnaljak bu duşuşyk 24-nji aprelden 4-nji maý aralygynda Stambulda geçiriler.

– Awstriýa, Azerbaýjan, Kanada, Hytaý, Fransiýa, Germaniýa, Hindistan, Indoneziýa, Eýran, Italiýa, Ýaponiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Norwegiýa, Beýik Britaniýa, ABŞ, Özbegistan, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan, Ýewropa Bileleşigi, NATO-nyň Baş sekretary we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bu ýokary derejedäki duşuşyga çagyryldy – diýip, metbugat neşirlerinde bellenilip geçilýär.

Şeýle-de BMG-niň resmi wekili Stefan Dýužarrik bu duşuşyga BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň hem wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmagy meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň ozal habar berşi ýaly Owganystanda parahatçylykly mesele boýunça konferensiýa Owganystan Yslam Respublikasynyň we “Taliban” hereketiniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriler.

 

Merkezi Aziýa-Hytaý daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Türkmenistanyň Prezidenti Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Azerbaýjana sapary

Teswirle