TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistan onlaýn sergä gatnaşýar

2022-nji ýylyň 17-nji ýanwaryndan 4-nji marty aralygynda geçirilýän «Merkezi Aziýa — Wirtual EXPO» (CAVEX II) ikinji onlaýn sergisinda ýigrimi sany türkmen kompaniýasy öz önümçiligini hödürledi. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda «Türkmengaz» döwlet konserni bar. Bu barada “turkmengaz.gov.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Wirtual gözden geçirişi guramaçy bolup Russiýa we täze garaşsyz döwletler bilen söwda boýunça Ýapon assosiasiýasy Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň goldaw bermeginde çykyş edýär.

Serginiň çäklerinde ýapon kompaniýalary bilen bilelikde maýa goýum webinarlary, pikir alyşmalary we işewür ugurlarda dürli çäreler geçirilýär. Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri guralýar.

Türkmenistanyň günleri 14-18-nji fewral aralygynda geçirilýär. Onuň çäklerinde «Ýaponiýa bilen Tüürkmenistanyň arasyndaky söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly onlaýn maslahat, «Ýaponiýa üçin CAVEX II-ä gatnaşýan türkmen kärhanalarynyň prezentasiýasy» webinary we Türkmenistanyň üç sany kärhanasyna wirtual syýahat etmek meýilleşdirildi.

Umuman, sergide Türkmenistana 5 sany döwlet düzümi wekilçilik edýär. Olaryň hatarynda «Türkmengaz» döwlet konserni we 15 sany hususy kompaniýa we hususy telekeçiler bar. Sergä gatnaşyjylar kontentlerini CAVEX-e gatnaşyjylaryň ählisi üçin elýeterli bolan milli sanly diwarlykda ýerleşdirdiler.

Onlaýn sergi bilen tanyşmak üçin şu salga girmeli – https://www.cavex2.rotobo.or.jp/ru/

Türkmenistandan gatnaşyjylar şu salgydan elýeterlidir –https://www.cavex2.rotobo.or.jp/ru/turkmenistan/

Stoltenberg Norwegiýanyň Merkezi bankynyň başlyklygyna saýlandy

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan täze multimodal ulag geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär

“Forbes”: Ilon Mask birinjiligini ýitirdi

Türkiýe: Türkmenistandaky üçtaraplaýyn sammit energiýa geçelgesi üçin möhüm

Teswirle