Düýn Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki merkezi binasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň galyndylaryň derejesini nola ýetirmek boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Oňa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Başimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
BMG-niň Baş Assambelýasynyň 77-nji mejlisiniň wise-başlygy bolup durýan Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş. Türkiýe Respublikasynyň baş hanymy Emine Ärdogan, BMG-niň ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasynyň (BMG-Habibat) ýerine ýetiriji direktory Maýmunah Mohd Şarif, agza ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleri, BMG-niň düzümindäki ýöriteleşdirilen degişli düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdy.
BMG-niň Baş sekretary öz çykyşynda Türkiýe Respublikasynyň başlangyjy bilen geçirilýän bu duşuşygy we ilkinji gezek bellenilýän Galyndylaryň nol derejesiniň halkara gününi netijeli sarp etmegi we önümçilik usullaryny has işjeň höweslendirmek, galyndylary azaltmak we serişdeleri durnukly dolandyrmak üçin başlangyç nokat hökmünde ulanmaga çagyrdy.
Häzirki wagtda dünýäde elektron galyndylaryň diňe 25 göterimi howpsuz görnüşde, şeýle hem gaty sarp ediş galyndylaryň bolsa diňe 55 göterimi degişli gözegçilik esasynda gaýtadan ulanylýandygy bellenildi.
Şeýle hem 2050-nji ýyla çenli dünýäde galyndylaryň möçberi bir ýylda 2,24 milliard tonnadan 3,88 milliard tonna barabar bolar.
Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň howandarlygynda galyndylaryň nol derejesini gazanmak ugrunda Halkara Konsultatiw topar döredildi. Bu topar yzygiderli ýagdaýda galyndylar ugrunda seljerme işleirni geçirip, bu babatda hökümetlere, halkara guramalaryna we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplara maslahatlar berýär.
Ýokary derejedäki duşuşykda çykyş eden Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasayr öz çykyşynda Türkiýe Respublikasyna şeýle çäräni guramak boýunça öňe süren başlangyjy hem-de galyndylaryň möçberini nola ýetirmek boýunça ählumumy kampanýany ýola goýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, daşky gurşawa täsirini azaldýan we şeýlelik bilen Durnukly ösüş üçin 2030-njy ýyl meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýan ykdysadyýet modellerini döretmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmegiň möhümdigini belläp geçdi.
30-njy martda Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň hökümetiniň goldamagynda BMG-Habibat we daşky gurşawy goramak boýunça BMG-niň Maksatnamasynyň gurnamagynda Galyndylaryň nol derejesiniň halkara güni mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşdy.