TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistan Merkezi Aziýa maýa goýum forumyna gatnaşýar

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde Merkezi Aziýanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Bu foruma sebit ýurtlarynyň hökümet wekilleri bilen bir hatarda hususy pudagyň wekilleri hem gatnaşýar.

“Durnukly ösüş üçin arabaglanşyk gurmak” şygayr bilen geçirilýän forum Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Ýaponiýanyň hökümeti, Halkara hyzmatdaşlyk boýunça ýapon banky, hyzmatdaşlyuk boýunça ýapon halkara agentligi bilelikde gurnaýar.

Bu foruma Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow, Gazagystanyň wise-premýeri, maliýe ministri Erulan Žamaubaýew, Gyrgyz Respublikasynyň energetika ministri Taalýbek Ibraýew, Täjigistanyň birinji wise-premýeri Dawlatali Said, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa we Mongoliýa boýunça dolandyryjysy Žužanna Hargitaý gatnaşýar.

Forumyň çäklerinde  Merkezi Aziýada söwda we maýa goýumlary bilen baglanyşykly birnäçe mesele ara alyp maslahatlaşylar. Şeýle hem, sebitdäki energiýa pudagyny özgertmek, ýaşyl energiýa, ösen infrastrukturany ösdürmek we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada pikir alşylar.

Soňky döwürde Ýaponiýa Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklaryň ösmegine uly üns berdi. Noýabr aýynda Tokioda Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda parlament deputatlarynyň dostluk boýunça birleşigi döredildi. Oňa Ýaponiýanyň Liberal Demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary, öňki premýer-ministr Taro Aso ýolbaşçylyk edýär.

Şeýle hem dekabr aýynyň ahyrynda Tokioda Ýaponiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy meýilleşdirilýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň jemi içerki önümi 347 milliard dollara deňdir. Sebit we dünýä ykdysadyýetindäki orny ep-esli ýokarlandy. Soňky 20 ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň jemi içerki önümi 7,5 esse ýokarlandy we ortaça ösüş depgini 6,2 göterim boldy. Bu ösýän ýurtlaryň görkezijilerinden has ýokary we tutuş dünýä ykdysadyýeti bilen deňeşdirilende ösüş 2 esse ýokarydyr.

Ýene-de okaň

Türk kompaniýasy tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryna gatnaşmakçy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň energetika ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şou geçiriler

“Dragon Oil” kompaniýasyna maýa goýum teklipleri hödürlendi

Teswirle