TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşýar

Şu gün 30-njy noýabrda – Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky 14-nji hyzmatdaşlyk forumy öz işina başlady. Oňa Merkezi Aziýanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşýar.

Bu forumda Türkmenistany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet wekilçilik edýär. Bu barada Täjigistanyň resmi habarlar gullugy habar berýär.

Foruma – Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew, Günorta Koreýanyň daşary işler ministri Çon Yý Ýen, Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow hem-de Gazagystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Marat Sizdikow gatnaşýar.

Forumyň dowamynda delegasiýalaryň ýolbaşçylarynyň pandemiýanyň netijelerini, sebitleýin we global prosesleri göz öňünde tutup, Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda has netijeli hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşjakdyklary aýdylýar.

Şeýle hem foruma gatnaşyjylar Sekretariatyň täze direktorynyň dalaşgärligini hem-de 2022-nji ýyl üçin Sekretariatyň iş meýilnamasyny tassyklarlar.

Forumyň jemleri boýunça daşary syýasta edaralarynyň bilelikdäki beýannamasyna kabul ediler.

Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň baştutanlygynda 29-njy noýabrda Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň ilkinji işewürlik forumynyň söwda we senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň wirtual gatnaşmagynda geçirilendigini bellemek gerek.

Duşuşyk Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky 14-nji Hyzmatdaşlyk Forumynda Täjigistan Respublikasynyň baştutanlygynda gurnaldy.

Gatnaşanlar sebitara hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri hödürlediler we ägirt uly mümkinçiliklerden peýdalanyp, maýa goýum gatnaşyklaryny berkitmek we ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.

Birinji forumyň netijesi, gatnaşyjy ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň telekeçiler geňeşiniň işine goşant goşar.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana sapary maslahatlaşyldy

Ýene-de okaň

Türkiýe Türkmenistanyň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Täjigistanda mekdep gurar

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýyny gurar

Teswirle