TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan maýadarlary gämi gurluşygyna çagyrýar

Türkmenistan gämi gurluşygynyň guramaçylygy üçin maýadarlary çagyrýar. Bu barada “Awaza” milli suýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynda öz işini dowam edýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahatynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçysy Annadurdy Kösäýew habar berdi.

Agentligiň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň düzüminde gämigurluşyk zawodynyň hereket edýär we ol hem Türkmenistanda täze dörän pudak bolup durýar.

Annadurdy Kösäýew häzirki wagtda maýadarlary çekmek we daşary ýurt maýasyny çekmek üçin gepleşikleriň geçirilýändigini belläp, geljek ýylda daşary ýurt kompaniýalary çekmek arkaly gämileri gurluşygyna girişmegiň meýilleşdirilýändigini belledi.

– Eger maýadarlaryň bilelikdäki maýa goýumlaryny özleşdirmäge islegleri bar bolsa, biz olary seretmäge taýýardyrys – diýip, agentligiň ýolbaşçysy belledi.

Şeýle hem ol Türkmenbaşy halkara deňiz portunda gämilere hyzmat bermek üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdi.

Mälim bolşy ýaly, halkara foruma gatnaşýan myhmanlar Türkmenbaşy halkara deňiz portuna baryp görüp, portuň mümkinçilikleri bilen tanşypdylar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle