Türkmenistan koronawirusa garşy iň täze we ýokary hilli waksina satyn alar

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça adatdan daşary toparyň başlygy, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannesepow bilen iş maslahatyny geçirdi.

Bu maslahatda milli Liderimiz dünýäde ýokanç keseliň ýaýramagy bilen baglylykda görülýän çäreleriň hatarynda zerur bolan derman we gorag serişdeleriniň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek çäreleri bar diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz ilkinji wezipeleriň hataryndan jemgyýetçilik pikiri döretmek bilen baglydygyny belledi. Şoňa görä-de halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmagyň häzirki zaman strategiýasyny durmuşa geçirmegiň çäreleriň hatarynda wagyz etmek hem-de düşündiriş işleri öňdäki hatara çykýar. Milli Liderimiz bu barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz ediş we düşündiriş çärelerini guramagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýokanç keseleriň ýurdumuza getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni alyş çäreleriniň toplumyny dowam etdirmegi tabşyryp, dünýä ýurtlaryndaky ýokanç kesel bilen bagly ýagdaýlary yzygiderli öwrenmegi we bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi, keselleriň öňüni almak üçin zerur bolan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen ýurdumyzy meýilnamalaýyn üpjün etmegi dowam etmegi hem-de olaryň ätiýaçlyk gorunyň üstüni yzygiderli dolduryp durmagy tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde dünýä döwletlerinde täze koronawirus ýokanjyna garşy öndürilen iň täze we ýokary hilli waksinany satyn almak boýunça guramaçylyk işlerini geçirmek, agyz-burun örtüklerini, gorag we zyýansyzlandyryş serişdelerini öndümegi dowam etdirmek, ätiýaçlyk goruny döredip, olary üstüni dolduryp durmak, ilatymyzyň kesellere garşy göreşijilik ukyby ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek we dispanserizasiýa işini dowam etdirmek, halkyň arasynda möwsümleýin dümewiň öňüni alyş sanjymaryny geçirmegi dowam etdirmek we bu serişdeleriň zerur bolan möçberlerini satyn almak babatda anyk görkezmeler berdi.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!