JEMGYÝET

Türkmenistan “KazanForum 2024” forumyna gatnaşmaga taýýarlanýar

Türkmenistan “Russiýa-yslam dünýäsi: KazanForum 2024” halkara ykdysady forumyna gatnaşmaga taýýarlanýar. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky konsullygy habar berýär. Üstümizdäki ýylda bu halkara forum 2024-nji ýylyň 14-19-njy maýynda geçiriler.

“Russiýa-yslam dünýäsi: KazanForum 2024” halkara ykdysady forumynyň esasy maksady Russiýa Federasiýasynyň webitleri bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler hem-de beýleki hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady, ylym-tehnika, durmuş we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Bu halkara forumyň meýdançasy her ýyl dünýäniň köp sanly ýurdundan ýokary derejeli myhmanlary özünde jemleýär. Sebitara we döwletara bilelikdäki taslamalar üçin täze mümkinçilikler açýar.

Bu forumuň çäklerinde birnäçe çäreler geçirilýär, olaryň arasynda söwda-ýarmarkalar, söwda-senagat edaralarynyň forumy we beýlekiler bar.

Türkmenistan döwletimiz hem bu halkara forumya ýokary derejede wekilçilik edýär. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşypdy.

2022-nji ýylda bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti gatnaşypdy.

2024-nji ýylda bu foruma türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar we Türkmenistanyň önümleriniň sergi meýdançasy hem dörediler. Birnäçe resmi we işewürlik duşuşyklary meýilleşdirilýär.

 

 

Ýene-de okaň

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze departamentler döredildi

Ata Watan Eserleri

Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» atly türkmen harytlarynyň milli sergisi geçirildi

“Galkynyş” tans topary Türkiýede 2-nji orny eýeledi

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunçylyk namalaryny kabul etdi

Messili Argentina – Kopa Amerikanyň çempiony

Ata Watan Eserleri