TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Türkmenistan iri halkara nebitgaz forumyna taýýarlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik ösüşlere beslenýär. Ine, şu döwürde ähli pudaklar bilen bir hatarda nebitgaz pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar.

Nebitgaz pudagynyň ösdürilmeginde, uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde halkara hyzmatdaşlygyna hem uly üns berilýär. Şonuň üçin ýurdumyzda nebitgaz pudagyna degişli iri halkara forumdyr maslahatlary we sergileri guralýar.

Ine, şeýle forumlaryň biri hem 26-28-nji oktýabrda paýtagtymyz Aşgabatda geçiriler. “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022” atly  XXVII halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Bu forum uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ösüşlerini dünýä ýaýmakda esasy çäreleriň birine öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynyň ilkinji ýyllarynda geçirmek ýola goýlan forum dünýä jemgyýetçiliginiň hem ünsüni özüne çekýär.

Forumyň maksady energetika bazarynda sebit dialogyny berkitmek, dünýäde we sebitde nebitgaz we energetika pudaklarynyň soňky ösüşlerine baha bermek, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýalaryny çekmek ýaly esasy wezipelerden durýar.

Forum işewür duşuşyklarynyň hem özboluşly meýdançasyna öwrülýär. Onda nebitgaz pudagynda dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýolag goýmak babatda giň pikir alyşmalar geçirilýär.

Şeýle hem forum Türkmenistanyň ýangyç-energetika we soňky ýyllarda çalt depginlerde ösdürilýän gazhimiýa pudagynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmaga hem özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiz energiýa serişdelerine baý döwlet bolmak bilen, özüniň energiýa serişdeleriniň dünýä halklarynyň hem peýdalanmagy üçin giň tagallalar edýär. Muňa soňky ýyllarda amala aşyrylýan giň taslamalar, şol bir wagtda halkara turba geçirijiler hem aýdyň subutnama bolup durýar.

Ýurdumyzyň iri gaz känlerini özleşdirmek işine hem uly üns berilýär. Gory boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýän “Galkynyş” gaz käni üçin hem iri maýa goýumlar çekilýär. Bu gaz käni türkmen tebigy gazyny Günorta Aziýa ýurtlaryna ibermek üçin gurluşygy çalt depginler bilen alnyp barylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisi üçin hem binýatlyk çeşme bolup hyzmat edýär.

Umuman,  häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň energiýa bazarynyň ösdürilmegine işjeň gatnaşýar. Nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, önümiň hilini gowulandyrmak, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Bahar Owganowa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy. 

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle