Türkmenistanda ýolagçy we ýük gatnawlarynyň ugurlaryny hem-de möçberlerini artdyrmak ugrunda giň tagallalar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçar flotynyň düzümi täze hem-de döwrebap uçar bilen güýçlendirildi.
Ýurdumyzda “Airbus” A330-200P2F” kysymly ýük uçary gelip gowuşdy. Bu Türkmenistanyň awiakompaniýays bilen Ýewropanyň iri awiagurluşyk kompaniýasynyň arasynda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, ýurdumyza getirilen ilkinji uçar boldy.
Uçar “Rolls-Royce Trent 700” hereketlendirijisi bilen üpjün edilip, uzak aralyga 60 tonna çenli ýüki daşamak mümkinçiligine eýedir. Uçaryň uçuş aralygy 13,4 müň kilometre deňdir.
Bu Ýewropanyň awiagurluşyk kompaniýasynyň Türkmenistandaky ilkinji uçarydyr. Bu uçary dolandyrjak hünärmenler topary Singapurda we Fransiýada tälim alýar.
Mundan ozal, Türkmenistan özüniň awiasiýasy pudagyndaky uçarlarynyň aglabasyny ABŞ-nyň “Boeing” kompaniýasyndan satyn alýardy.