JEMGYÝET

Türkmenistan Hytaý, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürer

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, hususan-da, Hytaý, Ýaponiýa we Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer DIM-niň ýolbaşçysy Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň häzirki zaman dünýä syýasatynda eýeleýän ähmiýetli ornuny, şeýle hem Türkmenistanyň bu ýurtlar bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda toplanan hyzmatdaşlygynyň baý tejribesini hem-de taryhy gatnaşyklaryny göz öňünde tutup, taýýarlanan teklipler barada hasabat berdi.
Şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek  Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň we HHR-niň Daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeleri geçirmek baradaky teklip beýan edildi.
Şeýle hem şu ýylyň iýul aýyndan başlap, «Hytaýda Türkmenistanyň medeniýetiniň ýylyna» bagyşlanan çäreleriň toplumyny  geçirmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.
Şunuň bilen birlikde, strategik döwletara hyzmatdaşlygynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, degişli işler alnyp barylýar, hususan-da, resminamalaryň toplumy işlenip taýýarlanyldy. Bu ulgamdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin şu ýylyň ikinji ýarymynda ikitaraplaýyn pudagara geňeşmeleri geçirmek teklip edildi.
Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda depginli ösdürilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Astana şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogynyň birinji Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň duşuşygyny guramak boýunça häzirki wagtda işleriň alnyp barylýandygy habar berildi. Şunuň bilen birlikde, hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlaryny gurşap alýan we gol çekilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn resminamalar barada aýdyldy.
Mundan başga-da, ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen teklipler beýan edildi.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasy bilen döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri barada aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa + ASEAN formatyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Bu başlangyjy iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda halkara duşuşygy ýa-da maslahaty geçirmek teklip edildi.

Ýene-de okaň

Ýewro-2024: Sweýsariýa ynamly ýeňiş gazandy

Ata Watan Eserleri

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler

15-nji iýun: Ýewropa çempionatynda 3 duşuşyk bar

Germaniýa Ýewropa çempionatyna uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Türkmenistan 5G tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini öwrener

Türkmenistanda Horezmşalar döwrüne degişli altyn teňňeler tapyldy

Ata Watan Eserleri