TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan-Hytaý: hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Ýewraziýanyň işleri boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetiniň Ýörite wekili Li Hueý bilen duşuşdy.

Işjeň gepleşikleriň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesi beýan edildi.

Sebit we halkara formatlaryň çäginde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi. Hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi, abraýly sebitleýin we halkara platformalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň çäginde halkara işlerinde we başlangyçlarynda özara goldawyň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem, 2020-nji ýylda düýbi tutulan “Merkezi Aziýa – Hytaý” duşuşygynyň ähmiýetiniň pugtalanýandygyny we güýçlenip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň daşary işler ministrlikleri üçin möhüm iş ugruna öwrülýändigi we häzirki zaman dünýäsiniň we sebitleýin ösüşiň dürli taraplaryny göz öňünde tutulanda özara düşünişmäge we açyklyga goşant goşýar.

Taraplar, şeýle hem, özara durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleri bolan energiýa, ulag, logistika, medeniýet we bilim pudaklarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň doglan güni ÝUNESKO tarapyndan bellener

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

“Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi”:Owganystan boýunça Ýörite wekilleriň dördünji duşuşygy

Teswirle