TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Türkmenistan hakynda ygtybarly maglumatlar dünýä jemgyýetçiligine ýetiriler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk görnüşde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýerine ýetirilen işler barada hasabatlary diňläp, 2021-nji ýylda, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň belleniljek ýylynda bu ulgamyň öňünde durýan wezipeleriň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdi.

MEDENIÝET ULGAMYNDA EDILMELI IŞLER

Hormatly Prezidentimiz medeniýet ministrine we bu ulgamyň edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna taýýarlyk işleriniň meýilnamasyny taýýarlamak barada görkezme berdi, bu işleriň ýurdumyzyň ähli medeni edaralarynda giň gerimde geçirilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz kitaphanalarda, muzeýlerde we beýleki medeni ojaklarda bu şanly sene mynasybetli zähmet weteranlary, ýazyjy-şahyrlar bilen duşuşyklary, döredijilik we aýdym-sazly agşamlary yzygiderli gurap durmagy tabşyrdy.

Ýurdumyzyň teatrlarynda döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ösüşini, ýeten belent sepgitlerini giňden açyp görkezýän döwrebap sahna eserleri goýulmalydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyran beýik işlerimizi, geçirýän özgertmelerimizi dünýä ýüzüne giňden ýaýmak maksady bilen, çagalaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini, şol sanda halkara surat bäsleşigini guramaly.

Medeniýet edaralarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlar, şol sanda talyp ýaşlar bilen ýaşuly nesilleriň wekilleriniň duşuşyklaryny gurap, milli däp-dessurlar, ahlak gymmatlyklary, maşgala mukaddeslikleri, zähmetsöýerlik baradaky söhbetdeşlikleri geçirip durmaly.

HALKARA HABAR AGENTLIKLERI BILEN HYZMATDAŞLYKLAR ÖSDÜRILER

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygyna hem-de onuň habarlar serişdeleriniň ýolbaşçylaryna birnäçe görkezmeleri berdi.

  • Döwlet Baştutanymyz garaşsyz ösüşiniň ýolunda döwletimiziň gazanan üstünliklerini beýan etmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamagy, onda Agentlik boýunça edilmeli işleri anyk kesgitlemegi tabşyrdy.
  • Bitarap döwletimiziň daşary syýasatda gazanýan üstünlikleri, parahatçylyk diplomatiýasyny we öňe sürýän halkara başlangyçlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmelidir.
  • Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni-durmuş babatda gazanýan üstünlikleri hakynda habar-makalalary taýýarlap, halkara habar beriş serişdelerinde yzygiderli çap edip durmak möhümdir.
  • Şeýle hem Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda geçirilen syýasy özgertmeler we gazanylan durmuş-ykdysady üstünlikler barada habarlar toplumyny taýýarlanylmalydyr hem-de metbugatda yzygiderli çap edilmelidir.
  • Ýurdumyzyň we beýleki döwletleriň elektron hem-de metbugat, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde «2021-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary bilen makalalar toplumynyň çap edilmegini guramaly diýip, milli Liderimiz sözüni dowam edilmelidir.
  • Ozara ähtnamalara we ylalaşyklara gol çekmek arkaly abraýly daşary ýurt habarlar agentlikleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek işini dowam etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz halkara habar beriş ulgamlarynda resmi sahypalary we toparlary döretmek arkaly Türkmenistan hakynda ygtybarly maglumatlary dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek işini güýçlendirmegi tabşyrdy .

 

TELEÝAÝLYMLARDA GEPLEŞIKLERIŇ HILI HAS-DA ÝOKARLANDYRYLAR

Soňra hormatly Prezidentimiz Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygyna hem-de teleradioýaýlymlaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Iş meýilnamasyny düzüp, onda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

  • Milli Liderimiz teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşikleriň ýokary hilli bolmagyny gazanmagy, olary däp-dessurlarymyzy, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny göz öňünde tutup taýýarlamagy we ýaýlyma goýbermegi esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
  • Teleradioýaýlymlarda halkymyzyň şöhratly taryhyny, medeni mirasyny we ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlary giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri täzeçe, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
  • Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, taýýarlanýan gepleşiklerde ahlak kadalaryna, sagdyn durmuş kadalaryny jemgyýetimizde ornaşdyrmaga, ýaşlarda ýaşuly nesle we halkymyzyň mukaddes gymmatlyklaryna hormat goýmagy terbiýelemek meselesine uly üns berilmelidir.

GARAŞSYZLYGYMYZYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYGYNA GIŇDEN TAÝÝARLYK

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli çäreleri taýýarlamak boýunça degişli ýolbaşçylaryň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi. Şol işleriň hatarynda milli teleradioýaýlymlaryň döredijilik toparlarynyň arasynda bäsleşikleri we mediaforumlary geçirmek, onlaýn mediaforumlaryny hem-de tanyşdyryş çykyşlaryny guramak, Garaşsyz döwletimiziň ýeten belent sepgitlerini wasp edýän filmleri surata düşürmek bar.

Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan uly üstünliklerini beýleki döwletleriň teleýaýlymlarynda giňden beýan etmek boýunça işleri güýçlendirmegiň möhümdigi bellenildi.

Neşirýat-çaphana ulgamynyň kärhanalarynyň käbirini hususylaşdyrmak meselesini öwrenip, bu ugurda degişli işleri geçirmek barada aýratyn görkezmeler berildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda gazet-žurnallaryň elektron görnüşine elýeterliligi giňeltmek, kagyzda çap edilýän gazet-žurnallar üçin sarp edilýän serişdeleri tygşytlamak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer M.Mämmedowa hem-de medeniýet uigamynyň yolbaşçylaryna ýüzlenip, Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny örän guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek üçin çäreleriň Meýilnamasyny düzüp, şanly ýubileýe medeniýet işgärleri gowy taýýarlyk görmegi, baýramçylyk dabaralaryny we çärelerini geçirmek boýunça Guramaçylyk komitetini döretmek hakyndaky kararyň taslamasyny taýýarlamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şol çäreleriň ähli welaýat merkezlerinde, şäherdir obalarymyzda örän guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmelidigini belledi.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy we Russiýanyň döwlet sirkiniň Aşgabatdaky çykyşy

Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini ÝUNESKO-nyň sanawynda

Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Teswirle