JEMGYÝET

Türkmenistan Gyrgyzystana ynsanperwer kömegini iberdi

Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň fewral aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan gaz dost-doganlyk kömegi hökmünde bu ýurda iberildi. Şeýle asylly işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Dostlukly döwlete ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberilen suwuklandyrylan tebigy gaz ýüze çykan şu kynçylykly pursatlarda Gyrgyzystanyň Hökümetiniň gyrgyz halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmek üçin edýän tagallalaryna türkmen halkynyň özboluşly goşandy bolup durýar.

Türkmen halkynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly gadymdan gelýän ýörelgelerinden ugur alnyp, gyrgyz halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi Gyrgyz Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidiginiň hem-de çylşyrymly pursatda doganlyk kömegini bermekde hoşmeýilli erkiň nobatdaky güwäsidir.

Ýene-de okaň

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze departamentler döredildi

Ata Watan Eserleri

Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» atly türkmen harytlarynyň milli sergisi geçirildi

“Galkynyş” tans topary Türkiýede 2-nji orny eýeledi

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunçylyk namalaryny kabul etdi

Messili Argentina – Kopa Amerikanyň çempiony

Ata Watan Eserleri