JEMGYÝET

Türkmenistan “Gorkut ata” halkara kinofestiwalyna taýýarlanýar

Şu ýylyň 13-15-nji noýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda halkara “Gorkut ata” kinofestiwaly geçiriler. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Mämmedowa Aşgabatda geçiriljek halkara “Gorkut ata” kinofestiwaly görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hasabatdan görnüşi ýaly, halkara fesitwalyň açylyk we ýaplyşy, şeýle hem baýraklary gowşuryş dabaralaryny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem “Aşgabat” myhmanhanasynda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň kinematogariýaçylaryň duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, “Aşgabat” kinoteatrynda hem-de “Türkmenistan” we “Watan” kino konsert merkezlerinde kinofestiwala gatnaşýan ýurtlaryň kinofilmleriň görkezilmegi, Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolsa, daşary ýurtly kinematogariýaçylaryň we artistleriň talyplar üçin ussatlyk sapaklary göz öňünde tutulýar.

Daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzdaky we onuň etegindäki ajaýyp ýerlere gezelençler guralar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-BMG: çarçuwaly maksatnamanyň täze tapgyry işlenip düzüler

Türkmenistan-Şweýsariýa: diplomatik we gulluk pasportlar üçin wiza talaplary ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri Awstriýada ýokary hil baýragyna mynasyp boldy

Abdulaziz Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakyldy

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara maslahat

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymguly adyndaky halkara baýrak bilen sylaglandy