Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe hat iberdi. Şol hatda Gazagystan Respublikasynyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa we Owganystan üçin Durnukly ösüş maksatlary boýunça sebit merkezi» atly Kararnamanyň kabul edilendigi bilen gutlanyldy.
– Häzirki döwürde biziň gatnaşyklarymyz köpugurly strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykdy. Türkmen-gazak hyzmatdaşlygy ugurlaryň örän giň toplumy boýunça ösdürilýär. Iki ýurduň halkara giňişlikde ýakyndan syýasy-diplomatik özara hyzmatdaşlygy onuň esasy aýratynlyklarynyň biridir.
Biziň ýurdumyz hem, öz nobatynda, Gazagystanyň halkara ähmiýetli tekliplerine hemişe hormat bilen garaýar, olary dünýäde öňe sürmäge işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenistanda gazak diplomatiýasynyň nobatdaky ýeňşi — Gazagystan Respublikasynyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa we Owganystan üçin Durnukly ösüş maksatlary boýunça sebit merkezi» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky habary buýsanç hem ruhubelentlik bilen kabul etdik. Türkmenistanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de Gazagystanyň halkyny bu möhüm taryhy waka bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Depginli ösýän we täzelenen Merkezi Aziýany döretmek, Owganystana hemmetaraplaýyn goldaw bermek maksady bilen sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen bu Kararnamanyň şeýle işlere Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagy üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýaryn. Bu resminamanyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýa tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ýylda kabul edilmegi guwandyryjydyr – diýlip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň hatynda bellenilýär.