BILIM

Türkmenistan Gazagystandaky kitap festiwalyna gatnaşdy

Gazagystanyň paýtagtynda “Kitaptime” atly halkara kitap festiwaly gatnaşdy. Bu festiwala Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy hem gatnaşyp, öz diwarlygyny kitapsöýüjilere hödürledi.

Türkmenistanyň diwarlygynda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan kitaplar, şeýle hem ýurdumyzyň taryhy we medeni däp-dessurlaryna bagyşlanan kitaplar orun aldy.

Şeýle hem diwarlykda türkmen halkynyň milli egin-eşikleri, haly önümleri we türkmen gelin-gyzlarynyň hünärli ellerindne çykan keşde önümleri görkezildi.

Screenshot_20230916_143427_Instagram.jpg

Türkmenistanyň diwarlygynda Gazagystandaky ilçihanamyzda okuw tejribeçiligini geçýän Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 5 ýyl talyplary myhmanlara ýurdumyz barada giňişleýin maglumat berdiler.

Ýene-de okaň

«FLEX» maksatnamasynyň başlajak senesi mälim edildi

Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde türkmen dili okadylyp başlanyldy

Türkiýäniň halkara abraýly uniwersitetleri 2024: Iki ýylda 50 göterim artyş

Baş Redaktor

Dünýäniň iň abraýly uniwersitetleri belli boldy: THE World University Rankings 2024

Baş Redaktor

Türkmenistandan 9 ýokary okuw mekdebi halkara sanawa “habarçy” derejesi bilen girdi

Baş Redaktor

Amerikanyň iň gowy ýokary okuw mekdepleri yglan edildi : iň gowy 30 uniwersitet

Baş Redaktor