TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistan-Gazagystan: söwda dolanyşygy yzygiderli artýar

Şu gün — 5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolan Gazagystan Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagyna 30 ýyl dolýar. Şoňa görä-de, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Askar Tažibaýew ýerli metbugata beren interwýusynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň görkezijileri barada maglumat berdi.

Hususan-da ilçi bu barada şeýle diýdi:

– Pandemiýanyň başlanmagy zerarly, tutuş dünýä haryt dolanyşygynyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Onuň gazak-türkmen söwda gatnaşyklaryna-da täsir edendigine garamazdan, geçen ýylda Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwdanyň möçberi 254,3 million amerikan dollaryna deň boldy. Munuň özi, 2020-nji ýyldaky görkeziji bilen deňeşdirilende, tas iki esse ýokarydyr. Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda iki ýurduň haryt dolanyşygy eýýäm 2021-nji ýyldaky görkezijä golaýlap, 228,8 million amerikan dollaryna ýetdi. Görşümiz ýaly, statistiki görkezijiler gowulanýar. Şol bir wagtyň özünde döwlet Baştutanlary tarapyndan ýakyn bäş ýylda bu görkezijini 1 milliard amerikan dollaryna ýetirmek wezipesi öňde goýuldy.

Ýene-de okaň

Çawuşogly: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy ösdüreris

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürýär

100 milliard dollar ýitiren ilkinji adam

Teswirle