TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistan-Gazagystan-Russiýa: ýeke-täk logistika operatoryny dörederler

Türkmenistanyň ulag-logitiska merkeziniň, Gazagystanyň “KTZ Ekspress” ulag kompaniýasynyň hem-de Russiýanyň “RŽD Logistika” edarasynyň arasynda daşamalary ösdürmek boýunça bilelikdäki kärhanany döretmek babatda ähtnama gol çekildi. Bu barada Gazagystanyň Demirýollary edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

– “TransRussia 2023” atly 27-nji halkara ulag-logistia hyzmatlary sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň ulag-logitiska merkeziniň, Gazagystanyň “KTZ Ekspress” ulag kompaniýasynyň hem-de Russiýanyň “RŽD Logistika” edarasynyň arasynda daşamalary ösdürmek boýunça bilelikdäki kärhanany döretmek babatda ähtnama gol çekildi. Bilelikdäki karhanady döretmek maksady “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugry boýunça ýeke-täk logistika operatoryny döretmekden ybaratdyr – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

Ähtnama “KTZ Ekspress” ulag kompaniýasynyň baş direktory Kaýrat Utýalow, “RŽD Logistika” edarasynyň baş direktory Dmitriý Murew we Türkmenistanyň ulag-logitiska merkeziniň baş direktory Merdan Bäşimow gol çekdiler.

Taraplar bäsdeşlik nyrhlaryny kesgitlemek we Gazagystandan, Russiýadan, Türkmenistandan Eýrana, Hindistana, Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryna we Aziýa-Ýuwaş umman sebitine harytlary bökdençsiz daşamak üçin öz ygtyýarlyklaryny birleşdirmek barada ylalaşdylar.

Gazak kompaniýasynyň bellemegine görä, “Demirgazyk-Günorta” geçelgesi Gazagystan üçin Eýran we Hindistan bilen ulag-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek babatda möhüm bolup durýar.

Gazak ýük daşaýjylarynyň pikiriçe, bu gury ýer geçelgesiniň aç-açan artykmaçlygy ýükleriň ýokary tizlikde daşalmagy bilen baglanyşyklydyr.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ulag-logitiska merkeziniň, Gazagystanyň Demirýollary edarasynyň golçur kärhanasy bolan “KTZ Ekspress” ulag kompaniýasynyň hem-de Russiýanyň “RŽD Logistika” edarasynyň arasynda bilelikdäki demirýol hyzmatlaryny ösdürmek boýunça ähtnama gol çekilipdi.

Ýene-de okaň

“DigiWomen Codefest” hakaton bäsleşigini geçirdi

Ata Watan Eserleri

«Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň ilkinji gök ammiak öndürýän zawody gurlar

Ata Watan Eserleri

Teswirle