DÜNÝÄ

Türkmenistan-GAR: özara saparlary guramak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Astana) Seýpelo Metýus bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada pikir alyşdylar. Iki ýurduň hökümet we işewür düzümleriniň arasyndaky özara saparlary guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklar boýunça pikir alşyldy.

– Diplomatlar şeýle hem iki dostlukly ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary derejesinde yzygiderli iş alyp barmak netijesinde gazanylan ikitaraplaýyn şertnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine syn berdiler – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

 

Ýene-de okaň

“Atawatan Media” topary ABŞ-da ýelkenli sport ýaryşyny tomaşa etdi

Türkiýe Respublikasynyň demokratiýa we milli jebislik güni Aşgabatda bellendi

Aşgabatda Fransiýanyň milli güni bellenildi

Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda

Türkmenistan bilen Türkiýe Ýewropa bazaryna girmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy