TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan ESKATO-nyň duşuşygyna gatnaşýar

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 23-27-nji maý aralygynda geçirilýän BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça Ykdysadyýet we durmuş komissiýasynyň 78-nji geňeşiniň mejlisine gatnaşýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermeigne görä, bu forum Bangkok şäherinde geçirilýär.

Geňeşiň häzirki mejlisi “Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde durnukly ösüşi üpjün etmek üçin umumy gün tertibi” mowzugy astynda geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ESKATO-nyň döredileniniň 75 ýyllygy bellenýär.

 

 

Türkmenistan ABŞ-nyň işewürleriniň tekliplerine açyk

Ýene-de okaň

Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Teswirle