TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistan elektrik energiýasynyň eksportuny 9 milliard kilowat-sagada ýetirer

Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde  Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşan  Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň elektrik energetika ulgamynda amala aşyrylan we aşyrylýan giň gerimli maksatnamalar we taslamalar barada özüniň çykyşynda belläp geçdi.

ELEKTRIK ENERGETIKA ULGAMY SANLARDA

  • «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» kabul edildi.
  • Konsepsiýa laýyklykda, ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda gaz turbinaly elektrik stansiýalaryny gurmak meýilleşdirildi. Şonuň netijesinde, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gysga döwrüň içinde dürli kuwwatlykly gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň 6-sy gurlup ulanmaga berildi.
  • Has takygy, häzirki wagtda ýurdumyzda kuwwatlylygy 6943,2 megawata deň bolan jemi 12 sany elektrik stansiýasy bolup, olarda 51 sany turbina desgasy bar. Gaz turbinalar — 39 sany, bug turbinalar — 12 sany.
  • Mary döwlet elektrik stansiýasy türkmen energetikasynyň kerwenbaşysy bolup, onuň birinji energoblogy 1973-nji ýylda ulanyşa girizildi. 1987-nji ýylda onuň 8-nji energoblogynyň ulanyşa girizilmegi bilen, stansiýanyň bellenilen kuwwatlylygy 1685 megawata deň boldy. Mary döwlet elektrik stansiýasy şol döwürde Orta Aziýada iň uly elektrik stansiýasy bolmak bilen, ýurdumyzyň hem-de goňşy döwletleriň sarp edijileriniň elektrik energiýasyna bolan islegini doly kanagatlandyrdy.
  • 2014-nji ýylyň oktýabrynda 3 sany gaz turbinasy hem-de 2018-nji ýylyň sentýabrynda utgaşykly dolanyşykda işleýän täze elektrik stansiýasy işe girizildi. Onuň netijesinde elektrik stansiýasynyň jemi kuwwatlylygy 2985,7 megawata çenli ýokarlandy. Bu döwrebap elektrik stansiýasynda ABŞ-nyň dünýä meşhur «General Electric» kompaniýasynyň gaz turbinalarynyň 4-si we bug turbinalarynyň 2-si oturdyldy.
  • Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi bilen ugurdaşlykda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurulýandygyny bilýänsiňiz. Bu taslamanyň türkmen böleginiň gurluşygy tamamlandy. Taslamany doly ýerine ýetirmek üçin ýene-de täze elektrik stansiýalaryny, elektrik geçirijileri, häzirki zaman transformator kiçi beketlerini we paýlaýjy ulgamlary gurmak zerurlygy döreýär.
  • Häzirki wagtda Türkmenistan elektrik energiýasyny Owganystandan başga-da, Eýrana, Özbegistana we Gyrgyzystana hem eksport edilýär, şu ýylda onuň möçberini 9 milliard kilowat-sagada ýetirmek meýilleşdirilýär. Bu görkeziji, 2013-nji ýyldaka garanyňda, 3,3 esse ýokarydyr.
  • «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, 2028-nji ýylda elektrik energiýasynyň umumy öndürilişini 37,5 milliard kilowat-sagada ýetirip, 2022-nji ýyla garanyňda, onuň möçberini 22,5 göterim artdyrmak bellenilendir.

Ýene-de okaň

Bolgariýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hindistanyň söwda dolanyşygy 114 million dollara deňdir

Owganystan Türkmenistan bilen import ylalaşyklaryny baglaşmakçy

Teswirle