TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan ekologiýa diplomatiýasy arkaly halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan sergi öz işine başlady.

Bu sergi ýurduň milli ykdysadyýetiniň ösüşiniň görnetin subutnamasy bolup, onda Türkmenistyanyň 37 sany ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazanan belent sepgitleri şöhlelendirilýändir.

Şu gün, serginiň ikinji gününde Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň gazananlary giňden görkezilýär.

Serginiň çäklerinde şeýle-de ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy geçirildi. Hususan-da, «Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda Daşky gurşawy goramak babatyndaky hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama», «Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda Elektrik energetika pudagyny durnukly ösdürmek babatynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama», «Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda suw serişdelerini durnukly dolandyrmak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama» gol çekildi.

Mälim bolşy ýaly, garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap Türkmenistan suw serişdeleriniň saklanylmagy we rejeli peýdalanylmagy maksady bilen sebitiň ýurtlarynyň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýändir. Ýurtda ekerançylyk, gurluşyk we senagat hem-de gidrotehniki desgalaryň ulanylyş ulgamyna häzirki zaman suwy tygşytlaýjy tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar.

Türkmenistanyň umumy tagallalaryň birleşdirilmegi hem-de tejribeleriň özarbähbitli alyşylmagyna gönükdirilen suw diplomatiýasy BMG-niň işine hem täze ileri tutulýan ugurlary goşmak bilen, milli, sebit we global derejesinde gülläp ösüşe hem-de abadançylyga itergi berýär.

Tebigy gorlaryň netijeli hem-de rejeli peýdalanylmagynyň hasabyna ykdysadyýetiň depginli ösüşiniň üpjün edilmegi we Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) gazanylmagynda halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirilýän tebigaty goraýyş strategiýasynyň esasy maksatlarynyň hatarynda durýandyr.

 

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle