TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

«Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky: kiçi göwrümli karzlary hödürleýär

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky melleginde (bölünip berlen ýer böleginde) şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara kiçi göwrümli karzlary hödürleýär.

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky tarapyndan raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksady bilen aşakda görkezilen tertipde kiçi göwrümli karzlar hödürlenilýär.

■ Karzyň möçberi — 30 000 (otuz müň) manada çenli;

■ Karzyň göterimi — ýyllyk 10 (on) göterim;

■ Karzyň möhleti — 3 (üç) ýyla (alty aý ýeňillikli döwri bilen) çenli;

■ Karzyň üpjünçiligi — tölege ukyply üçünji tarapyň zamunlygy ýa-da girew emlägi.

Habarlaşmak üçin Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Merkezi edarasyna ýa-da onuň ähli şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz.

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Merkezi edarasy boýunça habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-02-65.

Şahamçalaryň salgylary we telefon belgileri bankyň resmi internet sahypasynda www.tnbk.tm görkezilendir.

Ýene-de okaň

Hytaýda uly nebit gory tapyldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda halkara nebitgaz maslahaty geçiriler

Ata Watan Eserleri

Gyrgyz Respublikasy Türkmenistandan pomidor satyn alýar

Ata Watan Eserleri