TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Türkmenistan dörediji döwletdir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň syýasy, ykdysady, durmuş, medeni taýdan depginli ösüşini üpjün etmek, raýatlaryň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek döwlet we milli maksatnamalarymyzyň esasy wezipesidir.

Täze taryhy döwrümizde eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde iri möçberli şähergurluşyk taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hususan-da, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurulmagy, bu ýerde ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we okamagy, göwnejaý dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň üpjün edilmegi ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň ileri tutulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezi Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäher bolar. Bu ýerde tebigy gözelligi saklap galmak maksady bilen, «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ulanylýar. Sanly tehnologiýalar, intellektual ulgamlar ornaşdyrylyp, «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçiriler.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we taýsyz tagallalary bilen sebitde iň iri taslamalaryň biri bolan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň taslamasyny amala aşyrmak boýunça onuň birinji tapgyrynda 336 sany binanyň we desganyň, şol sanda ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň, dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün ediljek çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, hassahanalaryň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, edara binalarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň we beýleki möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde şäherleriň we obalaryň keşbi has-da özgerdi. Şunda adamlaryň amatly ýaşaýşyny we göwnejaý dynç alşyny üpjün edýän şertleriň döredilmegine uly üns berilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygardan ugur alýan syýasatyň oňyn netije berýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Gurluşyk pudagyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllaryň dowamynda gurlup, ulanylmaga berlen dürli maksatly desgalar milli Liderimiziň döredijilikli syýasatynyň oňyn netijesidir, ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan Watanymyzyň barha artýan kuwwatynyň aýdyň subutnamasydyr.

Köp pudakly milli ykdysadyýetimiziň innowasiýalar esasynda mundan beýläk-de ösdürilmegine, örän baý tebigy serişdeleriň doly derejede peýdalanylmagyna, sebitleriň toplumlaýyn özgerdilmegine gönükdirilen ileri tutulýan maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzy okgunly ösdürmek üçin şertleriň döredilmeginde maýa goýum-gurluşyk toplumyna ähmiýetli orun degişlidir.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän bu strategiýanyň netijesinde, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän senagat kärhanalary gurulýar, häzirki zaman ulag we durmuş düzümleri kemala getirilýär, giň gerimli ýaşaýyş jaý gurluşygy alnyp barylýar. Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň kuwwatlyklary, şol sanda ýerli çig maldan öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň önümçilik binýadynyň kuwwatlyklary artdyrylýar.

Zuhra Hatamowa,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Ulaglar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Döwletli maslahatyň döwletli gadamlary

Ata Watan Eserleri

Watançy Nesilleri Terbiýelemek Milli Terbiýeçiligiň Esasydyr

Baş Redaktor

Çagalar bagynda baýramçylyklaryň guralyşy

Baş Redaktor

Teswirle