TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan daşary ýurtlara okamaga gitjek talyplara sanjym eder

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimi, şeýle saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak babatda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleri barada hasabat berdi. Şol babatda Türkmenistanda bellige alnan “Sputnik V” sanjymynyň ähmiýeti barada aýdyldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow raýatlarymyza hem-de daşary döwletlere okamaga gitjek talyplarymyza barýan ýurtlarynda ulanylýan sanjymlara görä, sanjym geçirmegiň üpjün edilmegini hem-de Türkmenistana gelýän daşary ýurtly raýatlaryň öz ýurtlarynda degişli sanjym alandyklaryny tassyklaýan güwänamany olardan talap etmegi tabşyrdy, şeýle hem isleg bildirýän sanjymlaryny biziň ýurdumyzda hem ulanar ýaly mümkinçiligi döretmegiň möhümdigi barada degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz BSGG tarapyndan tassyklanan sanjymlary bellige almak ugrunda hem degişli işleriň geçirilmeginiň zerurdygy barada belläp geçdi.

Şunda döwlet Baştutanymyz keseli bejereniňden, onuň öňüni almagyň has möhümdigi barada aýtmak bilen, häzirki döwürde ýokanç keselleriň öňüni almagyň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyna ünsi çekdi.

Hormatly Okyjylarymyz!

Siz saýtymyza goýulan habarlardan dessine habarly bolmak isleýän bolsaňyz, onda biziň Android ulgamynda hereket edýän applikasiýamyzy-Atavatan Türkmenistan Applikasiýasyny  telefonyňyza Google Plaý dükanyndan şu ýere basyp ýükläp alyň!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com  saýty tarapyndan  Intellektual telekeçilik nukdaýnazaryndan durmuşa geçirilen nobatdaky taslamamyz-  Türkmen dilinde ilkinji onlaýn krossword :Atavatan Krosswordy şu ýere basyp ulanyň we wagtyňyzy gyzykly we peýdaly geçiriň!

Türkmen we Iňlis dillerinde jemi 15000-den gowrak baş sözi özünde jemleýän “Makul Sözlük” (sözlügi ulanmak üçin şu ýere basyň) ulanyjylarynyň dil baýlygynyň ösmegine goşant goşmak maksady bilen, täze hyzmaty-krosswordly sözlügi taýýarladyk.

Türkmen we Iňlis dilinde “eşitýän” we “diňleýän” akylly sözlügi-Makul Sözlük Applikasiýasyny ýüklemek üçin şu ýere basyň!

“Makul Sözlük” sahypamyzda hem krosswordly sözlük bölümi hereket edip başlandygyny nygtamak isleýäris (krosswordly sözlügi ulanmak üçin şu ýere basyň!).

Bellemek zat, Google Chrome Browser üçin Makul Sözlük kompýuter goşundysy hem hereket edýär we Siz kompýuterde işleýän wagtyňyz işleriňizi aňsatlaşdyrjak  bu goşundyny şu ýere basyp kompýuteriňize ýükläp bilersiňiz!

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkiýe wizesi barada täze maglumat :mobil biometrika

Baş Redaktor

THY gar ýagyşy sebäpli gatnawlaryny ýatyrdy

Kerki ― Daşoguz ― Kerki uçar gatnawy dikeldildi

Teswirle