JEMGYÝET

“Türkmenistan — BMG” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi

Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Maksatnama laýyklykda, mejlis iki sessiýanyň çäklerinde guraldy.

Birinji sessiýanyň dowamynda “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny” taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikinji sessiýada taraplar durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda bilelikdäki taslamalar boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de ulgamlaýyn işler üçin şertleri döretmek maksady bilen, strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mehanizmini işläp taýýarlamak meselesine garaldy.

Mejlisiň dowamynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny» işläp taýýarlamak boýunça “Ýol kartasy” tassyklanyldy hem-de ýaşlar syýasaty, sanlylaşdyrma, demografiýa, “ýaşyl” energetika, howanyň üýtgemegi ýaly ugurlar boýunça 8 sany taslama seredildi.

Duşuşygyň ahyrynda daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, oba hojalygy ýaly möhüm ugurlara degişli birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Şolaryň hatarynda

  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda «Howanyň üýtgemegine garşy durnukly suw dolandyryşy üçin mümkinçilikleri artdyrmak» atly taslama resminamasy;
  • Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda «Öri meýdanlary durnukly dolandyrmak üçin sanly çözgütleri işläp düzmek» atly taslama resminamasy;
  • Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda «Akwa önümçiligi üçin iýmitleriň önümçilik-ýerlemek zynjyrynyň we suw haýwanlarynyň saglygyny goramagy dolandyrmagyň netijeliliginiň ösüşi» atly taslama resminamasy;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýokanç kesellere gözegçilik etmek üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mümkinçiligini ýokarlandyrmak» atly üýtgetme girizilen taslama resminamasy bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy

Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan dynç alşa çykar

Talyp-2024: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Ata Watan Eserleri

Lebap welaýatyna täze prokuror bellendi

Talyp-2024: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Türkmenistanda zähmet haklary 10 göterim ýokarlandyrylar