TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan BMG-niň Durnukly ösüş boýunça sebitleýin forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Allakbaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly ösüş boýunça sebitleýin forumyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň wekiliýeti forumyň ýokary derejeli syýasy bölüminde çykyş edip, Türkmenistan üçin sebitleýin hyzmatdaşlygyň daşary ykdysadysady syýasaty üçin möhüm strategiki ugurlaryndan biri bolup durýandygy barada belläp geçdi.

Şeýle hem, Durnukly ösüş maksatlaryny milli maksatnamalara we meýilnamalaryna goşmak arkaly we “Hiç kimi yzda galdyrmazlyk” ýörelgesine laýyklykda, Türkmenistanda DÖM-niň milli ykdysadyýete işjeň utgaşdyrylýandygy barada nygtaldy.

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady

Ärdoganyň wezipesine girişmek dabarasy geçiriler

Teswirle