SIZDEN GELENLER

Türkmenistan-BMG: gatnaşyklar pugtalandyrylýar

1991-nji ýylda Garaşsyzlyk derejesine eýe bolan Türkmenistan halkara giňişligine işjeň goşulyşmak, dünýädäki abraýly halkara guramalaryň düzümine girmek boýunça işleri durmuşa geçirip başlady. Turuwbaşdan döwlet gurluşynda  öz saýlap alan ýoluny parahatçylyga, dost-doganlyga, özara düşünişmeklige gönükdiren Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-na agza döwlet hökmünde kabul edildi. Bu taryhy gün türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG we oňa agza bolan döwletleriň 185-siniň biragyzdan goldamagynda we ses bermeginde Garaşsyz Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň kabul edilmegi Türkmenistan bilen BMG-niň uzakmöhletleýin maksatnamalarynyň deň gelmegi we olaryň arasyndaky strategiki gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygynyň alamatydyr.

Türkmenistanyň BMG bilen oňyn hyzmatdaşlygy biziň daşary syýasy strategiýamyzyň ileri tutulýan we möhüm ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Türkmenistanyň öz Bitaraplyk derejesine laýyklykda öňe sürýän halkara başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hem uly goldawa eýe bolýar. Bu babatda Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy üpjün etmek maksady bilen hut BMG-niň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň” açylmagyny we onuň ady agzalan sebitde parahatçylygy üpjün etmekde esasy orun eýeleýändigini aýdyp bileris.

Ata Watanymyz Türkmenistan BMG-niň birnäçe düzüm birliklerine agza bolmak bilen birlikde, Baş Assambleýanyň maslahatlaryna wise-başlyklyga saýlanylmagy türkmen diplomatiýasynyň ösüş ýolundadygy görkezýär. Bu bolsa Türkmenistanyň BMG-niň işine işjeň gatnaşýandygynyň subutnamasydyr.

 

Çeper MEREDOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

 Halkara gatnaşyklary institutynyň

 halkara hukugy fakultetiniň

 2-nji ýyl talyby.  

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

 

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragy ýyly ösüşlere beslendi

Türkmenistan – ygtybarly halkara ykdysady hyzmatdaş

Bank ulgamynyň döwrebap ösüşleri

Saglyk – abadançylyk

Magtymguly Pyragy – dünýä edebiýatynyň parlak ýyldyzy

Magtymguly Pyragy – türkmen şygryýetiniň zergäri