TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

“Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Paýtagtymyzyň  Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda   hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy guraldy.

Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýy mynasybetli guralan dabara, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R. Meredow, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary syýasat edarasynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli we daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Halkara “Atavatan Türkmenistan” žurnalynyň hem çagyrylan dabarasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R. Meredow açylyş çykyşyny amala aşyrdy. Dabaranyň çäklerinde ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary K. Babaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarow, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Ataýewa hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we dolyygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonso dagy çykyş etdi.

Şeýle hem dabaranyň çäklerinde Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary hem-de BMG-niň düzüminde köp ýyllaryň dowamynda çykyş eden Wladimir Garaýew dagy onlaýn tertipde dabara gatnaşdy.

Dabaralardaky çykyşlarda milli Liderimiziň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda sowgat eden täze eseriň çuň manylydygyny hem-de onuň dünýä jemgyýetçiligi babatda hem örän uly ähmiýetlidigini bellediler.

Dabaranyň ahyrynda tanyşdyrylyş çäresine gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Ýokary kazyýetiň başlygy täzelendi

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Ata Watan Eserleri

Teswirle