TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda täze hyzmatdaşlyk döwri

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azoulaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli we ählumumy gymmatlyklaryň goralyp saklanmagyna, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer özarahereketleriň esasynda ilerledilmegine ygrarlylygy bellenip geçildi. Mälim bolşy ýaly, soňky wagtda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky milli toparynyň işi görnetin işjeňleşdirildi.

Odri Azoulaý Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilmegine hem-de ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna eden wajyp goşandy üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa öz minnetdarlygyny beýan etdi. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda bilim, ylym, maglumatlaşdyryş usullary, suw serişdeleriniň dolandyrylmagynyň aýratynlyklary ýaly meseleler agzaldy. Bu ugurda hanym Odri Azoulaý bilermenleriň arasynda duşuşuklaryň guralmagyna hem-de taraplaryň distasion (uzaklykdan) tälim beriş taslamalaryna gatnaşmaklarynyň ähmiýetini belläp geçdi.

Soňky ýyllaryň dowamyndaky hyzmatdaşlygyň netijelerini seljerip, taraplar özarahereketleriň hukuk binýadynyň giňeldilmeginiň mümkünçiliklerine garadylar. Türkmenistanyň ýakyn geljekde bu guramanyň birnäçe möhüm konwensiýasyna goşulyşmagy baradaky gyzyklanmasy beýan edildi.

 

Soňky ýyllardaky hyzmatdaşlygyň netijeleligini nygtap, türkmen tarapy ÝUNESKO-nyň käbir düzümlerine dalaşgärligini hödürlemäge bolan islegini aýtdy. ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugrularynyň biri, ol hem türkmen halkynyň maddy däl taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak bolup durýar. Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna Türkmenistanyň eýýam birnäçe medeni gymmatlyklary girizilen. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ahalteke atlarynyň we iň gadymy it tohumlarynyň biri bolan alabaýlaryň ähmiýeti, olaryň goralyp saklanylmagynyň we giňden tanadylmagynyň bolsa dünýä medeni mirasynyň goraglylygy nukdaýnazaryndan wajyplygy aýdyldy.

Şeýle-de türkmen tarapy medeniýetara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine goşant goşjak ÝUNESKO-nyň sungat şäherleri toryna goşulyşmak islegini beýan etdi.

Taraplar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy özara gyzyklanma eýe bolan ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna umyt bildirdiler.

 

Bilim Sahypamyz

Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: parlament ugry boýunça ylalaşyga gol çekildi

“Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan” üçtaraplaýyn sammiti Awazada geçiriler

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Teswirle