JEMGYÝET

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşygyň teswirnamasyna gol çekildi

Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekildi.

Gol çekmek dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belgiýanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky hemişelik wekili Willem wan de Wordyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Ýewropanyň daşary aragatnaşyklar gullugynyň Gündogar Ýewropa, Russiýa, Merkezi Aziýa we ÝHHG ýurtlary boýunça dolandyryjy direktory Mihael Zibert hem gatnaşdy.

Häzirki wagtda Belgiýa Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşinde Başlyklyk edýär.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terhi Hakala bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

“Galkynyş” tans topary Türkiýede 2-nji orny eýeledi

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunçylyk namalaryny kabul etdi

Messili Argentina – Kopa Amerikanyň çempiony

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa – Ýewropanyň çempiony

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Donald Trampyň janyna howp salynmagyny ýazgardy

Ýewropanyň finaly: Angliýamy, Ispaniýa çempion bolar?