TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar berkeýär

30-njy aprelinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-ýapon komitetiniň işiniň çäklerinde wideo-konferensiýa arkaly gepleşikler geçirildi, oňa Komitetiň başlyklary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow we «Itoçu Korporeýşn» kompaniýasynyň Dolandyryjy ýerine ýetiriji direktory, Ulaglar we enjamlar kompaniýasynyň Prezidenti Hiroýuki Subaý dagylar gatnaşdylar.

Taraplar ýokary döwlet hem-de hökümet derejesinde alnyp barylýan Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky ulgamlaýyn we işjeň gatnaşyklaryň ýokary ähmiýete eýe bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň saparlarynyň hem-de yzygiderli duşuşyklarynyň, şonuň ýaly-da olaryň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ýurtlaryň arasyndaky özarahereketleriň depginli ösdürilmegi üçin ygtybarly syýasy-hukuk binýadyny döredendigi bellenilip geçildi.

Topara başlyklyk edijiler gazhimiýa we ulag ulgamlaryndaky bilelikdäki taslamalarynyň durmuşa geçirilişine seredip geçmek bilen, öň gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda 2019-njy ýylyň oktýabrynda Tokio şäherinde gol çekilen Ýol kartasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi boýunça alnyp barylýan hereketleriň has hem işjeňleşdirilmegini zerurlygy nygtalyp geçildi.

Ýene-de okaň

Koreý kompaniýalary Türkmenistandaky “akylly şäher” taslamalaryna gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: täze ylalaşyklara gol çekildi

Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ykdysady ugurlary

Teswirle