Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetine bilim goldawy bermek bilen baglanyşykly şertnama bağlaşmak maksady bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary amala aşyryldy. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berýär.
Agzalan ýokary okuw mekdebinde Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti jenap Nagata Kýosuke bilen Oguz han uniwersitetiniň rektory jenap Gurbanmyrat Mezilowyň arasynda şertnama gol çekişlik dabarasy geçirildi.
Sukuba uniwersiteti, prezidentleriň we mugallymlaryň arasynda üç sany Nobel baýragyna eýe bolan Ýaponiýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinden biridir. Şeýle hem uniwersitet halkara gatnaşyklardaky tagallalary we ýokary bilimi ösdürmek üçin global taslamalara gatnaşmagy bilen tanalýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda çykaran “Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini döretmek hakynda” 7041-nji belgili Permany esasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti döredildi.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň baş maksady ýurdumyzyň innowasion ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek, bilim, ylym, önümçilik, innowasiýa we işewürlik pudaklaryny toplumlaýyn bir ýere jemlemekdir.