TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyna özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda diplomatlar döwletara we pudagara derejesinde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň önjeýli häsiýetini belläp geçdiler. Türkmenistanyň Baştutanynyň Ýaponiýa bilen gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar babatynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlylygyny beýan edildi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň sebitleýin we halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti bellenilip geçildi.

Iki ýurduň ulgamlaýyn esasda syýasy geňeşmeleriň geçirilmegi bilen birlikde daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklarynyň netijeliligi nygtaldy.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň täsirli guraly hökmünde «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogy öňe çykaryldy, çünki onuň çäklerinde özara hereketleriň takyk alnan taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň meselelerine seredilýändir.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparlaryň netijeli işi bellenilip geçildi, çünki ol özarabähbitli taslamalaryň we maksatnamalaryň işlenilip düzülmegine itergi berýändir. Diplomatlar nebitgaz we himiýa pudaklarynda ýapon kompaniýalarynyň köp ýyllyk işleriniň aýratyn önjeýliligini belläp geçdiler.

Taraplar bilim, ylym we medeniýet ulgamyndaky özara hereketleriň geljekde has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Medeni-ynsanperwer ulgamynda öň gazanylan ylalaşyklary hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmek maksady bilen, diplomatlar iki döwletiň ugurdaş düzümleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda, täze bellenen Ilçi türkmen tarapyna öz salgysyna aýdan ýakymly arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça gatnaşyklary işjeň dowam etmek babatynda ylalaşdylar.

 

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle