TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Tatarstanyň arasynda onlaýn duşuşyk

2020-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary, Senagat we söwda ministri A.Karimow bilen duşuşygy geçirildi.

Wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen duşuşykda türkmen wekiliýetine şonuň ýaly-da «Türkmenhimiýa» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmendeňizderýaýollary» we «Türkmenawtoulaglary» agentlikleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan ş.) Baş Konsuly hem wekilçilik etdiler.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Russiýa bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde Türkmenistanyň RF-niň sebitleri bilen özaragatnaşyklarynyň aýratyn orun eýeleýändigi bellenilip geçildi. Olaryň arasynda Tatarstan Respublikasy, Astrahan oblasty, Sankt-Peterburg we beýleki sebitler bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk aýratyn bellärliklidir.

Türkmenistanyň we Tatarstanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gerimi örän giňdir, şunlukda ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň barşynda iki ýurduň arasynda netijeli özarahereketleriň ygtybarly we berk binýadyny düzýän hem-de taraplaryň Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlarynda geljegi uly maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça özarabähbitli hyzmatdaşlyk etmäge bolan görnetin gyzyklanmalaryny beýan edýän ikitaraplaýyn resminamalaryň saldamly binýady döredildi.

Şeýle hem, ýylyň başyndan bäri iki ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň wekilleriniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly yzygiderli duşuşyklary geçirmegiň guraly işjeňleşdirildi hem-de bu ulgamda taraplaryň bilelikde durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri bolan özarahereketleriniň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary geljekde hem giňeltmek babatyndaky hyzmatdaşlyk işlenilip düzülýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Tatarstan Respublikasynyň «KAMAZ» JPJ, «Tatneft» JPJ, «Kazan dikuçar zawody» JPJ, «KER-Holding» JÇJ, «Ak bars» Gämigurluşyk korporasiýasy» PJ we beýlekiler ýaly iri ykdysady birlikleri bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilýändigini, şeýle-de söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar Iş toparynyň netijeli hereket edýändigini hem aýratyn belläp geçdiler.

Mundan başga-da, öň gazanylan ylalaşyklaryň esasynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň himiýa ulgamynda bilelikdäki taslamalaryň giňeldilmegi, awtoulag tehnikasynyň üpjün edilmegi, senagat kooperasiýasy, bilim hem-de beýleki möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek ýaly ugurlar boýunça has işjeň ösdürilýändigi hem nygtalyp geçildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna täze ýolbaşçy saýlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Burj Halifa Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekilinde ýalkym saçdy

Teswirle