TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Russiýanyň haryt dolanyşygy durnukly ösýär

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.W.Blohin türkmen-rus gatnaşyklary hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli metbugat brifingini geçirdi.

Oňa ýurdumyzda işleýän Russiýanyň we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýerli habarçylar gatnaşdylar. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň gatnaşmagynda hem geçirilen metbugat ýygnagynda rus ilçisi Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada gürrüň berdi.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.W.Blohin öz çykyşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary strategik häsiýete eýedigini belläp, köp ugurlarda hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigini belledi. Hususan-da, ýangyç-energetika, senagat, oba hojalygy we beýleki ugurlarda gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny we şonuň netijesinde iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 20 göterim artandygyny belledi.

Ilçi oba hojalygynda gatnaşyklaryň ösdürilýändigini belläp, türkmen oba hojalyk önümleriniň, pomidoryň we beýleki ekinleriň Russiýanyň bazaryna iberilýändigini, şol sanda rus oba hojalyk önümleriniň türkmen bazaryna iberilýändigini belledi. Oba hojalygynda tohumçylyk babatda hem gatnaşyklaryň ösdürilýändigini mälim etdi.

LUKOIL” KOMPANIÝASYNYŇ TÜRKMEN BAZARYNA GYZYKLANMASY

Metbugat ýygnagyna gatnaşan habarçylaryň biri Russiýanyň “Lukoil” kompaniýasynyň türkmen bazaryndaky göz öňünde tutulýan işleri baradaky sowalyna jogap beren Russiýanyň ilçisi rus kompaniýasynyň Türkmenistanda nebithimiýa, Hazar deňziniň türkmen kenarynda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisi taslamasyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini belläp, bu baradaky ugurlaryň öwrenilýändigini aýtdy.

TÜRKMENISTAN RUS SANJYMYNY SATYN ALARMY?

Metbugat brifinginde Russiýanyň koronarwirus ýokanjyna garşy işläp taýýarlan sanjymyny Türkmenistanyň satyn alyp-almaýandygy barada sowal bilen ýüzlenildi. Rus ilçisi bu babatda rus sanjymyň täsirliligi bilen tapawutlanýandygyny, eýýäm 3 kliniki synagdan geçendigini, onuň beýleki koronawirus sanjymlary bilen tapawutlylykda daşamak mümkinçiliginiň hem amatlydygyny belläp geçdi.

Russiýanyň ilçisi bu ugurdaky hyzmatlary türkmen tarapyna hem hödürländiklerini mälim etdi.

Dostlukly ýurduň ilçisi metbugat ýygnagynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentini hem-de türkmen halkyny türkmen Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygy bilen ýene-de bir gezek gutlady.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle